Suw serişdeleri Türkmenistanyň umumy baýlygynyň bir bölegi hasaplanylýar we suw diňe döwletiň eýeçiligi bolup durýar.

"Balkanwelaýatagyzsuw" birleşigi Siziň ýaşaýan öýüňizde  peýdalanylýan  agyz suwunyň  möçberini  kesgitlemek  üçin  hokmany ýagdaýda suw ölçeýji enjamyny bellenilen tertipde gurnap, ýerinde gurnalşy hakynda agyz suw edaralarynyň  wekilleriniň gatnaşmagynda Delilnama düzülmeli.

Suw ölçeýji enjamyny we ondaky plombalaryň abat saklanylmagyny, bellenilen  möhletlerde, ýagny  4  ýyldan 1 gezek döwlet barlagyndan geçmekligi üpjün etmäge, hatardan çykan suw ölçeýji enjamlary  täzelemäge, ýüze çykan ähli näsazlyklar  barada  3 günden gaýra goýmazdan  Agyzsuw edarasyna habar bermäge, şeýle-de agyz suw edaralary tarapyndan  bellenilen  işgärler  barlaga baranda olara dürli päsgelçilikleri döretmezlige raýatlar  borçlydyr.

Ýaşaýyş  jaýlaryndan  daşyna suw geçirijileri çekilmegi, lagym ulgamlaryna bidin, rugsatsyz birikdirilmegi, suw geçirijilere  we lagym ulgamlaryna  akdyrylmagyna  zyýan berýän hereketleriň edilmegi  DÜÝBÜNDEN GADAGANDYR.

Öý eýelerine ýaşaýyş toplumlarynyň meýdançalarynda özlerine degişli bolan halylary, awtoulaglary we şoňa meňzeş tehnikalary agyz suwundan ýuwmak  GADAGAN EDILÝÄR.

Lagym ulgamyna  geçirijileri, gözenekleri dykylyp hapalanýan, howply hem-de biologiki taýdan arassalanmagyna päsgel berýän maddalar düzüminde bolan hapa suwlary akdyrmak GADAGAN EDILÝÄR.

Ulanylýan  agyz  suwuňyzyň,  ölçeýji enjamyň üstünden  geçmän,  goşmaça  ulgama çatylan ýagdaýynda, Türkmenistanyň  Adminstratiw hukuk bozulmalary hakyndaky  kodeksine laýyklykda  çäre görüljekdigi barada DUÝDURÝARYS.

Ilatly ýerlerde agyz suw we lagym ulgamlaryndan peýdalanmagynyň kadalary (soňra –Kadalar) 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabryndaky «Agyz suwy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna we 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Suw hakyndaky Kodeksine laýyklykda işlenilip taýarlanylyp, ilatly ýerlerde agyz suw we lagym ulgamlaryny peýdalanmagyň tertibini kesgitleýär.

 "Türkmenistanda agyz suw üpjünçiligi we suw akdyryş ulgamlaryny  peýdalanmagyň kadalaryna“ laýyklykda:

  • Ölçeg enjamlary oturdylmadyk, ölçeg enjamlarynyň näsaz işlemegi ýa-da olaryň döwürleýin barlagynyň möhletiniň geçmegi, ölçeg enjamlarynda plombalaryň (möhürleriň) abatlygynyň bozulmagy we Sarp ediji tarapyndan Ýerine ýetirijiniň wekiliniň ölçeg nokadyna barmaklygynyň üpjün edilmedik ýagdaýynda, agyz suwunyň sarp edilmegi üçin hasaplaşyklar harçlanylan agyz suwunyň mukdary gije-gündizde geçirijiniň göwrümine hem-de geçirijilik ukybynyň sekuntda 0,7 metr tizligine görä hasaplanylýar.
  • Agyz suw üpjünçiligi ulgamlaryna rugsatsyz birikdirilen we olardan rugsatsyz ulanylan halatlarynda harçlanylan agyz suwunyň mukdary gije-gündizde geçirijiniň göwrümine hem-de geçirijilik ukybynyň sekuntda 2 metr tizligine görä hasaplanylýar.

           Agyz suw ulgamyndan özbaşdak peýdalanylan döwri 1 (bir) aýa deň diýlip, hasap edilýär   

  • Ölçeg enjamlarynyň näsäzlyklary we olary abatlamagyň zerurlygy ýüze çykarylan ýagdaýynda, şeýle hem, barlaglaryň aralygyndaky möhletiň geçmegi bilen Sarp ediji 3 (üç) günden köp bolmadyk möhletde bu barada Ýerine ýetirijä habar berýär.
  • Ölçeg enjamlarynyň abatlanylýan döwründe Ýerine ýetiriji bilen ylalaşylan (ýöne 30 (otuz) günden köp bolmadyk) möhletde, sarp edilen agyz suwunyň we (ýa-da) lagym suwlarynyň mukdaryny hasaplaşyk döwründen öň gelýän soňky 3 aýda sarp edilen ortaça aýlyk görkezijileri boýunça kesgitlemäge ýol berilýär.
  • Sarp edijide lagym ulgamyna akdyrylýan lagym suwlary ölçemegiň enjamlary wagtlaýynça bolmadyk halatynda, bu möçberleri Sarp ediji we onuň Kömekçi sarp edijileri tarapyndan suw üpjünçiliginiň, şol sanda, gyzgyn suw üpjünçiliginiň ähli çeşmelerinden alnan, ölçeg enjamlary tarapyndan hasaba alnan suwlaryň möçberlerine deňeçerlikde kabul edilmegine ýol berilýär.

Sarp ediji tarapyndan lagym ulgamlaryna we (ýa-da) beýleki kabul edijilere birnäçe nokatlardan akdyrylan lagym suwlarynyň hakyky mukdary Sarp edijiniň öndürýän önüminiň düzüminde harçlanan agyz suwunyň, dürli suw çeşmelerinden alnan, şol sanda, ýylylyk üpjünçilik edaralaryndan alnan gyzgyn suwunyň mukdarynyň maglumatyna görä hasaplanylýar.

Şu ýagdaýda Sarp ediji Ýerine ýetiriji bilen ylalaşylan möhletlerde hasaplamalar üçin zerur bolýan maglumatlary bermäge borçludyr.

  • Lagym ulgamlaryna özbaşdak (rugsatsyz)  birikdirilen we olaryň rugsatsyz ulanylan ýagdaýynda akdyrylan lagym suwlarynyň mukdary gije-gündizde geçirijiniň we desganyň göwrümine hem-de geçirijilik ukybynyň sekuntda 1,2 metr tizligine görä hasaplanylýar. 

Lagym ulgamyndan özbaşdak peýdalanylan döwri 1 (bir) aýa deň diýlip, hasap edilýär

 

Hormatly müşderi!

Türkmenistanyň  Hormatly  Prezidentiniň  2018-nji ýylyň 25-nji sentýabr № 928 belgili kararyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, agyz suw we lagym tölegli bolandygy sebäpli, ulanylýan agyz suwy we lagym  üçin tölegleri her aýyň 1-inden gijä galman tölemelidigini Siziň dykgatyňyza ýetirýäris hem-de suw hasaplaýjy  enjamlaryň görkezijilerini ýerli agyzsuw edaralaryna tabşyrmalydygyny  ýatladýarys. Bellenen möhletlerde agyz suwuň görkezmesini tabşyrmadyk ýagdaýňyzda, suwuň geçirijilik ukyby boýunça hasaplanylyp alynjakdygyny DUÝDURÝARYS.

Döwletimiziň esasy baýlyklarynyň biri bolan agyz suwuny aýawly saklamak, ondan tygşytly we rejeli peýdalanmak her-bir raýatyň mukaddes borjudyr!

 

Hormatly müşderi!

Mobil töleg programmanyň ullanylşy:

  1.  Mobil töleg programmasyndaky çekmelerde maglumatlary doly we dogry doldurmagyňyzy soraýarys. Ýalňyş dolduran ýagdaýyňyzda töleg geçireňizde hasaba alynmaýa.
  2. Töleg edilenligi barada kepilnamalary we goşmaça maglumatlary awtomatiki usulda Siziň elektron adresiňize ugratmak üçin hokmany ýagdaýda öz  E-mail adresiňizi registrasiýa etmegiňizi soraýarys.

Öz ullanýan ölçeýji enjamlaryň GÖRNÜŞINI we BARLAGDAN GEÇEN MÖHLETINI dogry gökezmegiňizi soraýarys, eger-de ýalnyş görkezilse, barlaga barlanda Size JERIME SALYNJAKDYR.

 

  • Türkmenistan, Balkanabat ş.
    137-nji ýşaýyş jaý toplumy jaý №7
  • +993 222  7-77-00
    +993 222  6-98-15
  • info@balkanagyzsuw.gov.tm

Programmany ýüklemek