Balkan welaýatynyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde, agyz suwuny rejeli peýdalanyşy barada

MAGLUMAT

“Balkanwelaýatagyzsuw” birleşigi agyz suw üpjünçiligi babatda syýasaty amala aşyrýan döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 5-nji iýulyndaky N849 belgili karary we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň 2018-nji ýylyň 19-njy iýulyndaky MB-102B belgili buýrugy esasynda  “Balkanwelaýatagyzsuw” birleşigi Balkan welaýat häkimliginiň garamagyna geçirildi. Balkan welaýat häkimliginiň “Balkanwelaýatagyzsuw” birleşigi Balkan welaýatynyň ilatyny edara kärhanalaryny arassalanan agyz suwy we lagym üpjünçiligi bilen Balkan welaýatynyň Serdar etraby, Bereket, Balkanabat, Hazar, Türkmenbaşy şäherleri, Etrek, Gumdag, Jebel şäherçesi we ýol ugry demir ýol stansiýalaryny üpjün edýär. Balkan welaýatynyň agyz suw  üpjünçiliginiň gözbaşyny Garagum kanalyndan we Ýasga ýerasty suw ýataklaryndan alyp gaýdýar...